golaýlatmak işlik

Golaý aralyga eltmek, golaý getirmek, ýakynlatmak.

  • Kem-kemden olaryň aralaryny golaýlatdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şofýor maşyny köprä golaýlatdy-da duruzdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem golaýlatmak - golaýladýar, golaýladar, golaýladypdyr.