golaý sypat

  1. Daş bolmadyk, uzak däl, ýakyn.

    • Seniň şol ogluň urşuň golaýyna barjak gümany barmy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Birdenkä şäheriň gündogar çetinde gyzyl gwardiýanyň duran ýeriniň golaýynda atyşyk başlandy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Hany, oglum, golaýyma geç! -- diýdi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  2. Garyndaşlyk taýdan ýakyn.

    • Ol haty, belki, ol özüniň iň golaý adamlaryna ýazandyr, belki, aýalyna ýa çagalaryna ýazandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Geň, çak, möçber, ýakyn töwerek, çemesi.