gol at

[go:l]

Gum ýerinde iki gerşiň aralygyndaky giň oý ýer, giden peslik.

  • Maşynlar wazlaşyp ýaňladýar goly, üstleri hem pagta galladan doly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gol - golum, goluň.

gol at

  1. Bedeniň egninde tä eliň barmaklaryna çenli bölegi.

    • Elimdäki bir çogmak güllerde her haýsynyn goluna bir gyzyl gül berip geçip gitdim. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ol iki golyny sallap, messan basyp ýörän gelýärkä, onuň ýalpyldawuk gara saşlary iki göwsinin üstünde oýnap, biri-birine owsun atýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Çagalaryň iki goluda açykdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Öz goluň bilen beren suwuňy içip, öz ýoluma gideýin. («Görogly» eposy)

    • Kesew uzyn bolsa, gol ýanmaz. (nakyl)

  2. Dokumentiň we ş. m. ýüzüne bir ýazan familiýaň.

    • Ol heňi ýasalan hünärli eller parahatlyk üçin goýupdyr gollar. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

    • Şu syry hiç ýerde paş etmezligime, şu dil hatyny berýärin we golumy çekýärin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Hakykatden-da gowaçanyň gollarynda agyr gozalaryň käbiri ýilik ýaly süýemlerini düýäň emjegi ýaly ýaýradypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem gol - golum, goluň.

gol bermek

  1. Pälinden gaýtmak maksady bilen ruhany adamdan doga almak we diňe dini düzgüne hyzmat etmek (dini düşünje boýunça).

    • Şu pire gol berip, sopy bolup goýandyr. («Görogly» eposy)

  2. Iki elini gowşuryp, hyzmata taýýardygyny bildirmek.

    • Elten sowgatlaryny hünkäriň öňünde goýup, gol gowşyryp, salam berip durdy. («Görogly» eposy)

    • Goç ýigitler, ömrüň bolsun zyýada, gol gowşuryp, hyzmat ediň pyýada. («Görogly» eposy)

  3. Işlemän durmak, bikär durmak.

gol götermek

  1. Ýygnakda, saýlawda ses bermek.

    • Karara-da gol göterdiler, ony kemsiz tassykladylar. (Sowet Edebiýaty žurnaly)

  2. Işiniň rowaç bolmagy, şowuna düşmegi üçin pata bermek, doga okamak.

    • Pirim şahymerdan mertleriň merdi, gol göterip bize bir pata berdi. («Görogly» eposy)

    • Gol çekmek.

  3. Öz adyňy ýa-da ataň adyny ýazmak, gol goýmak.

gol ýapmak

Biriniň arkasyny tutmak.

  • Birine gol ýapyp, biriňize ýaman tutmak. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýok Artyk, iş birinin seňrigine kakyp birine gol ýapmak-da däl. (B. Kerbabaýew, Aýgyly ädim)

gola almak

Biriniň erk-ygtyýaryna eýe bolamak, özüňe garaşly etmek; işiň we ş. m. tärine ökdelemek.

  • Birinjide, ol baý nebit raýonlaryny gola alar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

gola salmak

Bir zady eliňe düşürmek, öz ýaňyna geçirmek.

  • Soň ussa şol, gyzy gola salmagyň pikirinde boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

goldan bermezlik

Mümkin bolan pursatdan doly peýdalanmak, pursady sypdyrmazlyk.

  • Şol ýagdaýyň özi, pursady goldan bermän, öwünmän, hereket etmegi Çernişowdan talap edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

golundan götermek

Maddy hal-ýagdaýynda kömek bermek, eklemek, ekleşmek.

  • Sen bolsaň işe günortan gelýärsiň, şumy seniň ýetişip ataň golundan göterişiň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

goly bagly

Ygtyýarsyz, erksiz, garaşly.

goly ýukalyk

Eliňde harçlyk pul zat az bolmaklyk, eli ýukalyk, garyplyk.