goşulmak işlik

  1. Garylmak, gatylmak.

  2. Arasynda eltilmek, işine girizilmek, birikmek.

    • Garly hem baryp, gyşaryşyp ýatan bir üýşmäge goşuldy.

    • Artyk Ezize goşulmak bilen sowetden daşlaşany birinji gezek duýup galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sürümize-hä ýene-de bir sygyr goşulypdyr.

  3. Bilelikde, birlikde hereket etmek.

    • Emma çaganyň diňmän, gaýta öňküsinden hem beter aglap başlady üçin onun özi-de saklanyp bilmän, oňa goşulyp aglamaga başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Sen biziň saz- söhbetimizde näme diýip goşulmaýarsyň, hiçbir zat iýip-içmeýärsiň, saňa näme bolýar? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Nyzamly, tertipli, sazlaşykly bolmak.

    • Emma onuň goşulan aýaklary beýnisiniň burugyna emel etmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýekedabanyň sesi daşardaky küştçülere sesi bilen goşulýardy.

  5. Ýaryşmak, çapyşmak.

    • Ýaryşa goşulmak.

köpçülik işine goşulmak

Köpçüligiň bähbidi üçin edýän iş bilen meşgul bolmak.

  • Aýjemal köpçülik işine goşuldy.