goşmak işlik

  1. Öňküsiniň üstüne goýmak, üstüni artdyrmak, üstüni ýetirmek.

    • Içip köpçüligiň içine barmak gelşikli zat däl -- diýip, sözüniň üstüne goşdy.

  2. Garmak, garyşdyrmak, birikdirmek.

    • Ýykylmyş köne dünýä, awy goşduň aşyma. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  3. Köp zadyň arasyna garmak birikdirmek.

    • Bar, oglum, sygry sürä goşup gel!

  4. Mala, araba, azal we ş. m tirkemek, arabany azaly we ş. m mala tirkemek, döwek döwmek üçin ýabylary ýa eşekleri biri-biriniň gapdalyny çatmak.

    • Daýysynyň ýabysy bilen düýesini goşup, çygly ýerden keş çekip ugrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. Goşgy, sygyr düzmek, ýazmak.

    • Goşgy goşmak.

  6. Ýaryşdyrmak, çapyşdyrmak.

    • Meni öz pellämden çykarjak bolsaň, at goşjak däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem goşmak - goşdum, goşduň, goşupdyr.

baş goşmak

seret baş 1

  • Ýa-da ol menden ýüz dönderip, başga biri bilen baş goşýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Ol bu işe baş goşan mahalynda, öz üstüne şeýle howpuň abanýadygyny bilýärmidi?

döwege goşmak

seret döwek

  • Iş mallaryny alyp gitmeli, tohum mallary daga äkidip, döwege goşmak bolmaz.

goşmak alamaty

Arifmetika sany biri-birine goşmalydygyny aňladýan belgi.

güýç goşmak

seret güýç

  • Ýene bu sözleri gaýtalap ençe, öňküden-de artyk güýç goşup güýje. (N. Pomma Saýlanan eserler)

  • Gulluhan Tejenden çekilmek işine päsgel bermek, barja güýji Aklara goşmak üçin çalyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

sana goşmak

seret san

  • Men ony adam sanyna goşdum. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)