goşgy

  1. Şygyr bilen ýazylan şahyrana eser.

    • Wepanyň goşgulary ýazan depderiniň içinde şeýle bir gyzykly zat çykdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Türkmen halkynyň suw ugrundaky asyrlar boýy göreşini goşgy bilen ýazylan powestinde çeper beýan etdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bu kagyzyn ýüzünde goşgy bardy.

  2. Gepleşik dili Şygyrlaryň umumy ady.

    • Ol güllerden Lermontowyň goşgularyny okan ýaly lezzet alýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem goşgy - goşguda, goşgular, goşgusy.