goşa1

Iki jübüt.

  • Ýyldyrym çakypdy onuň ýüzünde, goşa damja ýol edipdi ýüzünde. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ojakdan elli-altmyş ädimlikde bir goşa göz ýylpyldaýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

goşa dyrnak

seret dyrnak

goşa egrem

Kürtä, tahýa keçä we ş. m. salynýan nagyş.

goşa nokat

seret nokat

goşa2

Iki nilli tüpeň.

  • Duldan asylgy duran goşasyna ýapyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Begenç goşa tüpeňin egnine ildirdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Egninde goşasy ýuwaş hiňlenýär, Owazasy töwerekde ýaňlanýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)