Eliň bilen ýerleşdirmek, ýene ýerinde galdyrma, taşlamak.
Ol stakanlaryny, çüýşelerini, bulkalaryny, kolbasa-peýnirlerini kiçijik buffetde goýan gyz nämekä?! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Gülaýym ýuwaşlyk bilen ýerde goýdy. («Görogly» eposy)
General onuň öňünde iki dilde maşinkada peçat edilen şertnamany goýdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gurban arkasyndaky ýüküni ýylçyr daşyň üstünde emaý bilen goýdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bes etmek, taşlamak.
Çilimi goýmak, bagşy aýdym aýtmasyny goýdy.
Kömekçi işlik funksiýasynda gelip aşakdaky ýaly ulanylýar: a) ysnyşyp gelýän işlikleriniň manylary bilen baglanyşykly hereket aňladýar.
Gol goýmak ýutsiýa goýamak, işden goýmak, işden goýmak, ýoldan goýmak.
B) ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň bolup gutaranyny aňladýar.
Alyp goýmak, edip goýmak, orup goýmak, seredişip goýmak, gurup goýmak.
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem goýmak - goýdum, goýduň, goýupdyr.