goýbermek işlik

  1. Paýlamak, ýaýratmak, bermek.

    • Kolhozlar awans däne goýberýär.

  2. Daňysyny çözmek, boşatmak.

    • Men iti goýbermegiň nähilidigini size görkezerin. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Daňylgy mallary goýberdim.

  3. Goýmak, salmak, ibermek.

    • Seniň damaryňa şu sülügi goýbermeli edipdir. (Sowet Edebiýaty žurnaly)

    • Hat ýazyp goýbermek.

  4. Öňüni açmak tutmak (suw we ş. m. hakynda).

    • Kanala suw goýbermek.

  5. Çykarmak, neşir etmek, çap etmek.

    • Makala goýbermek.

  6. Aýrylmak, sypdyrmak.

    • Gyz utanyp ýüpde elini goýberdi. (B. Kerbabaýew, Duşuşyk)

  7. Aşaklygyna oklamak, taşlamak.

    • Dik duran ýerinden özüni ýassygyn üstüne goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  8. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň bolup gutaranyny aňladýar.

    • Towlap goýbermek, kowup goýbermek, silterläp goýbermek.