gitmek işlik

  1. Bir tarapa barmak, ýöremek, ugramak.

    • Giden getirer, oturan nyrh sorar. (nakyl)

  2. Taşlap ötägitmek, işden gitmek.

    • Gullukdan gitmek.

  3. Dowam etmek.

    • Atyşyk diňe depäň töwereginde, derýaň kenarynda gitýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Sarp edilmek, geçmek.

    • Wagtyň biderek gitmek.

  5. Göçme manyda Çümmek batmak, girmek.

    • Pikire gitmek.

  6. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň ýakynlaşmagyny we bolup gutaranyny görkezýär.

    • Sürüp gitmek, ylgap gitmek, gaýtyp gitmek ýüzüp gitmek, syrylyp gitmek, begenip gitmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gitmek - gidýär, gider, gidipdir.