girmek işlik

[gi:rmek]

  1. Bir zadyň içine geçmek.

    • Paýtun onuň gök gabzaly derwezesinden girip, howlynyň ortasynda durdy. (A. Gowşudow, Powesrtler we hekaýalar)

    • Iniji dil haty ýazmaga içeri girdi. (A. Gowşudow eserler)

  2. Kabul edilmek, bir ýere ýerleşmek, götirilmek.

    • Işe girmek.

  3. Bir zadyň hataryna, sanyna goşulmak.

    • Meniň adym hem spisoga girdi.

  4. Ýuwulmak netijesinde gysgalmak, daralmak, kiçelmek.

    • Mata ýuwlanda girýär.

düýşe girmek

seret düýş

  • Gündiz pikiriň men bolaýyn gije girsem düýşleriňe. (Türkmen halk şahyrana döredijiligi)

  • Gündiz gören zadyň käwagt düýşe girýär.

sana girmek

seret san