girdap

[girda:p]

  1. Derýada, deňizde suwuň köwleýip, aýlanyp akýan ýeri, burgy.

    • Haýynlary düýpsüz girdaba atýan, Azatlyk arslany, biri biz biri. (Nury Annagaçlyk, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Çylşyrym, kynçylyk.

    • Men bilirmen bu uruşyň girdabyn, ozal başlap öldürerler serdaryn. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem girdap - girdaby.