gijilewük

[gi:jilewük]

Bedeninde güýçli giji emele getirýän ýokançly deri keseli.

  • Gijilewük sagyrtasy deriniň içine girip, ýakymsyz kesel-gijilewük döretýär. (A. N. Kabanow, Adamyn Anatomiýasy we Fiziologiýasy)

  • Seniň munyň gijilewük hem bolman, iteşen bolaýmasyn. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gijilewük - gijilewügi.