gijikmek işlik

[gi:jikmek]

Agşam ýakynlaşmak, gün ýaşmaga az galmak, gün agyp başlamak.

  • Tomus günleri gün gijigip, ýandyryjy güýjüni kemeldenden soň adamlar jaýyň daş işigine üýşýärler. (A. Gowşudow, Powestler we Hekeýalar)

  • Wagt hem gijikdi. (N. Jumawýew, Syrly Gala)

  • Ylaýta da gün gijigip başlany üçin, guýynyň başynyň üýşmegi kän däldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gijikmek - gijigýär, gijiger, gijigipdir.