giňlik

[gi:ňlik]

  1. seret giňişlik

  2. Aňyrsy-bärsi görünmeýän giňlige göz ýetirip bolmaýardy.

  3. Sowukganlylyk, arkaýynçylyk, paýhaslylyk.

    • Ogulşeker özini giňlige saldy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Annaguly muna giňlige salyp güldi-de: -- Halypa, saňa-da çaý berseler içersiň! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem giňlik - giňligi.


Duş gelýän formalary
  • giňlige
  • giňligi
  • giňligin
  • giňliginde
  • giňliginden
  • giňligine
  • giňligini
  • giňliginiň
  • giňligiň
  • giňligiňde
  • giňligiňe
  • giňlikde
  • giňlikden
  • giňlikdäki
  • giňlikler
  • giňliklerde
  • giňliklerden
  • giňliklerdäki
  • giňliklere
  • giňlikleri
  • giňliklerine
  • giňliklerini
  • giňlikleriniň
  • giňlikleriň