giňeltmek işlik

[gi:neltmek]

  1. Göwrümini artdyrmak, giň etmek, inine artdyrmak, ulaltmak.

    • Çeşmäniň gölen suwlaryny, jalawlaryny arçap, gözbaşyň aýtymy giňeltdiler. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Aýaz ony biraz giňeltdi-de külüňin sapyny içerik saldy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Artdyrmak, köpeltmek ýaýbaňlandyrmak.

    • Maldarlar arasynda agitasion-köpçülik işiň gerimini giňeltmeli. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem giňeltmek - giňeldýär, giňelder, giňeldipdir.