[gi:ç]
Öz bolmaly ýa-da edilmeli wagtyndan san wagtyň köpüsini geçirip.
Heniz giç däl, gelip ýetdiň myradym! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Seňin daşy jöjek içi möjekdigiňi men giç aňladym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Iş köp bolanda, giç ýatylýar. Giç ýa-da ir tur, alty pişegi artyk ur. (nakyl)
Şolo tamjagazda ir etir, giç agşam tamdyranyň tary seslenýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem giç - gijim, gijiň.
Gün ýaşandan soň agşam bir öýe barlanda: «Agşamyňyz haýyr bolsun!» diýlen manyda aňladýan söz.