gezmelemek işlik

  1. Aýlaň-çaýlaň etmek, gezelenç edip aýlanmak.

    • Bagda gezmelemek.

  2. Eýläk-beýläk iki ýana ýöremek, gezim etmek.

    • Ol iki elini bykyna uryp, yranyp ulumsyzlyk bilen gezmeleýär.

    • Myrat aga, öýde dergazap bolup, ellerini owkalap gezmeleýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Otagyň içinde aňryk-bärik gezmeledi. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)