gezmek işlik

  1. Keýpine gezmelemek, aýlaň- çaýlaň etmek.

    • Men hem obamyza gezmäge bardym. (N. Pomma, Goşgular)

    • Gezen derýa, oturan gümra. (nakyl)

  2. Durmuş geçirmek, ýaşamak.

    • Milli komitet dagadlandan soň gaçgaklap gezýän Oraz serdar bir ýerden peýda boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Adam nazary düşmedik ýerde gezsin. («Görogly Eposy»)

  3. Biri bilen tirkeşmek, wagt geçirmek.

    • Ata Myrat bilen gezýär.

boş gezmek

Işsiz ýörmek.