gezelenç

Açyk howada dynç almak üçin edilýän aýlaň-çaýlaň.

  • Şu gün bir gezelenje çykaýan -- diýdim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Çopanlaryň ýanyna çöle gezelenje gitmek maňa miýesser boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Biraz wagt pikirlenip oturyp, gezelenç etmäge döwdüm ýüregim. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Hem işini bitiren, hem gezelenç edip gelen adam bolarsyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bir gün wezir oglyny yzyna tirkäp, patyşanyňka gezelenje bardy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gezelenç - gezelenji.


Duş gelýän formalary
  • gezelenje
  • gezelenjemi
  • gezelenji
  • gezelenjidi
  • gezelenjidir
  • gezelenjimizi
  • gezelenjinde
  • gezelenjine
  • gezelenjini
  • gezelenjiniň
  • gezelenjiň
  • gezelençde
  • gezelençden
  • gezelençdäki
  • gezelençler
  • gezelençlerde
  • gezelençlerden
  • gezelençlerdir
  • gezelençlere
  • gezelençleri
  • gezelençleridir
  • gezelençlerinde
  • gezelençlerinden
  • gezelençlerini
  • gezelençleriniň
  • gezelençleriň
  • gezelençmi