gezek

  1. Gaýta, sapar, öwran, ýola.

  2. Düz gün, nobat.

    • Olar süri bolup gezýärler, otlaýan wagtlarynda hemişe gezegine biri garawulçylyk çekýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Belki, indi gezek biziňkidir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gezek - gezegi.

gezegi ýetmek

Nobaty gelmek, gezegi gelmek.