gezdirmek işlik

Eýläk-beýläk ýöretmek, aýlaň-çaýlaň etdirmek gezmeletdirmek.

  • Guşlary gezdirmek üçin olar ýörite gezilýän kletkalara salynýar.

  • Çagany gezdirmek.

gep gezdirmek

seret gep

  • Men sypatymy üýtgetsem-de, gep gezdirýän, agzalalyk salmaga çalyşýan haýynlardan däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

göz gezdirmek

seret göz

  • Akgyz hemmeden öň çykdy-da gapa gözüni gezdirdi. (A. Gowşudow, Mähri Wepa)

  • Ol töweregine göz gezdirip, jigitlerine bakan göz aýlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • gezdirdi
  • gezdirdi-de
  • gezdirdim
  • gezdireliň
  • gezdiren
  • gezdirende
  • gezdirenden
  • gezdireninden
  • gezdireniň
  • gezdireýin
  • gezdirip
  • gezdiripdir
  • gezdiripdir-de
  • gezdirjegi
  • gezdirjek
  • gezdirjekdim
  • gezdirmedi
  • gezdirmejegimiz
  • gezdirmejegini
  • gezdirmek
  • gezdirmekde
  • gezdirmekligi
  • gezdirmeli
  • gezdirmelidigini
  • gezdirmelidir
  • gezdirmezler
  • gezdirmäge
  • gezdirmäge-de
  • gezdirmän
  • gezdirmändirler
  • gezdirseň
  • gezdirýän
  • gezdirýäniň
  • gezdirýär
  • gezdirýärdi
  • gezdirýäris