germek işlik

  1. Çekip, dartdyryp asmak, ýazyp goýmak, ýazmak.

    • Olar köne kilimlerden gerip, çadyra meňzeýän bir zat düzedip, içine stol goýupdyrlar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Iki tarapa uzatmak, ýaýmak (ganat, gol we ş. m. hakda).

    • Asmanda ganatyn gerýär samolýot. (A. Salyh, Saýlanan eserler)

    • Begenç goluny nähili gerenini duýmady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

gulak germek

seret gulak

  • Şagyrdynyň peýda bolan tarapyna üşerilişdiler we gulaklaryny gerdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

kökenek germek

seret kökenek

  • Akgyz Ýagmyr diýip kökenek gerýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

kükregiňi germek

seret kükrek

  • Gülşenli döwrana kükregin geren, Gül ýüzli gahryman ýitdi-de gitdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)