germeç at

  1. seret germew

  2. Öýüň gapysynyň aşak çetine germelýän agaç.

    • Gapydaky germeç garyp işiginiň gadyrly myhmany bolup ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

germejine çekmek

Arkasyna, ýagyrnysyna urmak.

  • Baryp onuň germejine çekip bilmedim. (N. Pomma, Egri eýikmez)

germeç bolmak

Bir işe, täzelige böwet bolmak, garşy çykmak, päsgel bermek.

  • Sen, Pökgen, biziň ileri gitmegimiziň, medeniýetli bolmagymyzyň öňüne germeç bolýan ters pikirli buýrukçy baýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)