gerinmek işlik

Ýadawlyk we ş. m. zerarly göwre we gol damarlaryňy ýazyşdyrmak, elleriňi ýazgyn uzadyp, aşak-ýokaryk hereket etdirmek.

  • Ol uludan dem alyp, soňra gerindi. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  • Artyk ýerinden turdy, gerindi. Aýakly çilimi yzly-yzyna küketse-de, gernip, pallap başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gerinmek - gerner, gernipdir.