geriş at

  1. Boýnuň çykýan ýeriniň ýeňse tarapy, kebze.

    • Mawynyň gerşine gamçy degenden soň, Gandym alty erkegi öz çatmasyna bakan sowanyny gürrüň edende, hahaýlap güldi. Garry-gartaň yza galanlaryň gerşinde gamçy oýnady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Gumuň, dagyň eşegarka bolup gidýän ýeri, egin.

    • Gün Köpetdagyň beýik gerşini gyratlapdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Çopan sözüni soňlamanka, möjekler gerişden aňryk geçip, gözden gaýyp bolupdyrlar. Günbatardaky gerşiň üstünde bir topar möjegiň peýda bolanlygyny çopan saýgardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Aýna üç-dört geriş aşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Malyň boýun oňurgasynyň gutaran ýeriniň üsti, boýnuň başlanýan ýeriniň üstündäki tümmüje ýer.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem geriş - gerşi.