gerek

  1. Möhüm, zerur, derkar, lazym.

    • Sen uly göwresiň, Baky ýürekdir, Ol bize her zatdan beter gerekdir. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Mümkin, ähtimal.

    • Olar häzir Garagumyň etegine çykaňlap ýören bolsalar gerek. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gerek - geregi.

geregiňi artdyrmak

Özüňi has gerekli hasaplatmak, näziňi çekdirmek.