gep at

  1. Pikir alyşmak üçin sözlenýän söz, gürrüň.

    • Gepiň azy ýagşy, aşyň -- duzy. (nakyl)

  2. Göçme manyda Esasy , mesele.

    • Gep keýigiň ýatyşynda däl, gep mergeniň atyşynda.

gep çekmek

Biriniň aýdan adalatsyz sözüne jogap bermän oturmak.

gep gezdirmek

Biriniň gürrüňini ikinji birine aýtmak, gürrüň ýaýratmak.

gep gozgamak

Bir zat hakynda ýaňadan gürrüň açmak, öňki bir bolan gürrüň, iş hakynda agzamak.

gep gözlemek

Bahana agtarmak, yrsaramak.

gep tapmak

Bahana tapmak, hile gözlemek.

gep urmak (gatmak)

Birine bir zat diýmek, gürrüňe başlamak, lak atmak.

gepiň gerdişi

Gepiň ýeri gelende, gepiň öwrümi.