gemirmek işlik

  1. Diş bilen kitirdedip kertip, gazap iýmek.

    • Mönje oglan omaçany gemrip, Halnazara bakan düwnekledi.

    • Aç düýeler olaryň pudaklaryna çenli gemripdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Kaka, aç möjekler goýun sütkini gemrip bilýäler.

  2. Göçme manyda Kişiniň gazanjyny öz şahsy peýdaň üçin harçlamak, iýmek, kesekini rehimsiz eksplautirlemek.

    • Sen üç ýylap kolhozy gemirdiň.

  3. Zaýalamak, haraplamak.

    • Näme uran hem bolsaň, pyçagyň ýüzüni gemripsiň.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gemirmek - gemrer, gemripdir.