gelneje at

  1. Özüňden uly erkek doganyň gelnine degişiklikde ulanylýan söz.

    • Jeren ol aýaly görüp ýygrykdy-da: -- Saparyň gelnejesi gelýär -- diýip, sülmüremäge başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Men pylan şäherden gelnejeme bir başatgyç ýüň ýaglyk aldym. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ejemden, kakamdan, gelnejemden delalat taparmykam diýip, olara-da şunça düşündirjek boldum, bolmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Özünden ulynyň aýalyna ýüz tutulyp aýdylýan söz.