gelnalyjy

Dabaraly ýagdaýda gelin getirmäge gidýän we alyp gelýän adamlar (aýallar).

  • Her halda, ondan- mundan jemlenip, on bäş möçberi atbaşçy, sonça-da gelnalyjy toplady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ertir gelnalyjy, atbaşçy gideliň! -- diýip bütin oba habar berlipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Suwsan goşun suwly kerweni gelnalyjy aýly garşylady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýöne oglum, gelnalyjap alaýsak gowy boljak. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)