Bir ýerden ikinji bir ýere barmak.
Dostum men saňa arkaýynlanyp geldim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Dört tarapdan tirkeşip gyzyl kerwan gelip dur. (B. Kerbabaýew, Poemalar)
Gelen döwlet, giden mähnet. (nakyl)
Ýüze çykmak peýda bolmak.
Bir şahyr oturka gije dümtünip, gelendir bir pikir onuň oýuna.
Kömekçi işlik funksiýasynda gelip, aşakdaky ýaly ulanylýar: ysnyşyp gelýän işlikleriniň manylary bilen baglanyşykly, hereketi aňladýar.
Huşa gelmek, işleşip gelmek, ýetip gelmek, ylgap gelmek, uçup gelmek, işleişip gelmek, ýüzüp gelmek, ýöräp gelmek, sürüp gelmek.