gelin

Kämillik ýaşyna ýetip, täze durmuşa çykan gyz; ýaş aýal.

  • Jemal eje dokmany oglynyn gelni bilen bileleşip dokaýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Halnazar gelni ölene, toýy daganda Artyga awuny aldyranda-da häzirkisi ýaly darykmandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Pökgen aga, gidýän gyzlaryň deregine kolhozyňa gelýän gelinleri hasap edeňzokmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Biz-ä gelin wagtymyzda sülmürap çaý içerdik, gaýma gaýardyk, keşde ederdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gelin bolmasak hem gädikden garapdyk. (nakyl)

  • Gelniň geldi-geldisi, ogluň boldy-boldusy. (nakyl)

  • Gyzym, saňa aýdaýyn, gelnim, sen eşit. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gelin - gelni.

gelin gaýtarmak

Alnan gelni atasy öýlerine gaýtarmak.