gelişmek işlik

  1. Iki-ýekeden gelmek, ýuwaş-ýuwaşdan, yzly-yzlyna gelip başlamak.

    • Kassa peýda berýär, sizde hak almaz, düşünen daýhanlar gelişip barýar.

  2. Gelişikli bolmak, ýaraşmak.

    • Şu bolşuň bilen bökjekläp ýörseň-ä gelişmänem durjak däl!

  3. Ylalaşmak, baryşmak, razylaşmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gelişmek - gelşer, gelşipdir.