gele-gelmäne

Bada-bat, ýüzinin ugruna, gelen dersine, tiz.

  • Guýrugyny hilelik bilen bulaýlap gelýän köpek gele-gelmäne sürä kürsäp urýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol aňyrdan gele-gelmäne, çkanak gözlerini ýumjukladyp samrap başldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol gele-gelmäne gamçylarynyň her haýsyny bir ýaňa zyňdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Marýankanyň kiçijik dogany gyzlaryň ýanyna gele-gelmäne gygyrdy. («Mydam Taýýar» gazeti)