gelşik at

Görk, owadanlyk.

  • Obanyň gelşigi gowy.

  • Her işiň haýry ýagşydyr, toýuň gelşigi bagşydyr. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gelşik - gelşigi.

gelşigine gelmek

Görküne gelmek, ýaraşly bolmak, owadanlamak.

  • Şu meýdanyň ýüzünde traktor ýörär welin, ýer gelşigine geler.


Duş gelýän formalary
  • gelşige
  • gelşigi
  • gelşigine
  • gelşigini
  • gelşikden
  • gelşiklem
  • gelşikleriniň
  • gelşikli
  • gelşiklik
  • gelşikliligi
  • gelşikliligini
  • gelşiklilik
  • gelşiksiz
  • gelşiksizdi
  • gelşiksizdir
  • gelşiksizem
  • gelşiksizi
  • gelşiksizlige
  • gelşiksizligi
  • gelşiksizligime
  • gelşiksizligiň
  • gelşiksizlik