gedaý

[geda:ý]

Dilegçilik edip il elinden gün görýän adam.

  • Ol ozal söwdagär bolup, söwdasyny batyryp, gedaý gezipdir. (N. Sarynahow, Saýlanan eserler)

  • Gedaý galla akylly gedaý bol. (nakyl)

gedaý galdyrmak

Mätäçlikde goýmak, garyp düşürmek, aç-ýalaňaç goýmak.