geýrek

Medisina Kebzäň aşagy, pilçäň ujunyň kekirdewük süňki.

  • Wiý, Soltan eje, ogluň geýregi inipdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem geýrek - geýregi.


Duş gelýän formalary
  • geýregi