geýinmek ge‧ýin‧mek işlik

  1. Geýim-gejimiňi we ş. m. geýmek.

    • Maýa owadan, tämiz geýnen bugdaýreňk bir gelindi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň özi ýaly geýnen ýaş ýigit ykjam ýapyşyp, onuň ädigini süpürmäge oturdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Aýallar zyňypdyr ýaşmak börügi, geýinipdir, atynypdyr ýüpegi. (N. Pomma, Goşgular)

  2. Örtülmek, bürelmek.

    • Ýaşyl don geýindi ýalaňaç baglar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem geýinmek - geýner, geýnipdir.

gara geýinmek

Ýas geýimini geýmek, ýas tutmak.


Duş gelýän formalary
  • geýindi
  • geýindi-de
  • geýindiler
  • geýindim-de
  • geýindir
  • geýindiňizmi
  • geýinjek
  • geýinmedik
  • geýinmegi
  • geýinmegini
  • geýinmek
  • geýinmekde
  • geýinmekdir
  • geýinmeklerini
  • geýinmekligiň
  • geýinmeklik
  • geýinmeli
  • geýinmelidir
  • geýinmeseň
  • geýinmeýäne
  • geýinmäge
  • geýinmäge-de
  • geýinmän
  • geýinse
  • geýinse-de
  • geýinseler
  • geýinsin
  • geýinýän
  • geýinýändigini
  • geýinýändiklerinde
  • geýinýär
  • geýinýärdi
  • geýinýärdiler
  • geýinýärler
  • geýinýärsiň
  • geýnen
  • geýnendi
  • geýnenleriň
  • geýnesiň
  • geýnip
  • geýnipdi
  • geýnipdir
  • geýnipdirler
  • geýniň