geçmek işlik

  1. Ötüp gitmek, girip gitmek, bir zadyň üstünden aşmak, ätläp aňyrsyna barmak.

    • Gädikden geçmek. Ýoldan geçmek. Köprüden geçmek.

  2. Kabul edilmek bellenmek, girmek.

    • Işe geçmek.

  3. Gowy satylmak, alynmak.

    • Malymyz oňat geçdi.

  4. Bir ýere (gurama) girmek, bir gurama agzap bolmak.

  5. Bir işi gutaryp ikinji işe başlamak.

    • Eseriň birinji bölümini gurtaryp ikinji bölümine geçmek.

  6. Göçme manyda Birinden, bir zatdan ýüz öwürmek, el çekmek.

    • Geçenden-geç. (nakyl)

  7. Bagyşlamak, ötmek.

    • Hoşgeldi seniň göwnüňe degen bolsa-da sen onuň günäsini geç! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  8. Ara wagt düşmek, ötmek.

    • Aradan ýyllar geçdi.

  9. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň bolup gutaranyny görkezýär.

    • Belläp geçmek, gelip geçmek, durup geçmek, urup geçmek, kesip geçmek.

içinden geçip barmak

seret

  • Içinden geçip barýan şemal turdy. («Mydam Taýýar» gazeti)

içine-daşyna geçmek

Alçaklyk gürleşmek, ugruny tapmak.

köp düýesi köprüden geçmek

Öýli-işikli bolmak, öýlenmek.