geçirtmek işlik

  1. Bir zadyň üstünden ýa içinden ötürtmek, ýüpi halkadan geçirtmek.

    • Dowarlary derýadan geçirtmek.

  2. Urup sokdurmak, sünçdürmek, sançdyrmak.

    • Duşmanyň bagryndan hanjar geçirtmek.

  3. Başga işe, ýere belletmek, ornuny üýtgetmek.

    • Klasdan klasa geçirtmek.

  4. Bir iş bilen meşgul boldurmak, ötürtmek.

    • Durmuşy şatlykly geçirtmek.

  5. Bagyş etdirmek, bagyşlatmak.

    • Günäsini geçirtmek.

  6. Alyp bardyrmak (ýygnak we ş. m. hakda).

    • Ýygnak geçirtmek.

  7. Ýerine getirtmek.

    • Otag işini wagtynda geçirtmek gerek.

  8. Terjime etdirmek, bir dilden ikinji dile öwürtmek, çöwürtmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem geçirtmek - geçirdýär, geçirder, geçirdipdir.