geçirmek işlik

  1. Bir zadyň üstünden ýa-da içinden ötürmek.

    • Deşikden ýüp geçirmek.

  2. Urup sokmak, sünçmek, sançmak.

    • Duşmanyň böwründen naýza geçirmek.

  3. Başga ýere, işe bellemek, ornuny üýtgetmek.

    • Haspçynyň ýerine geçirmek.

  4. Bir kär bilen meşgul bolmak, ötürmek.

    • Horoz bagşy öziniň ýetmiş ýaşa golaý ömrüniň agramyny bagşyçylyk bilen geçiripdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. Bagyş etmek, bagyşlamak. (günä we ş. m. hakda).

    • Meniň gyzgyn ganlylygymy geçiriň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  6. Alyp barmak (ýygnak we ş. m. hakda).

    • Iwan Timofeýewiç şondan ýarym sagat ozal gysgajyk ýygnak geçirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  7. Ýerine getirmek, berjaý etmek amala aşyrmak.

    • Otamak işini haşal otlar gögeren dessine geçirmek bolar. («Mydam taýýar» gazeti)

  8. Terjime etmek, bir dilden ikinji dile öwürmek.

durmuşa geçirmek

seret durmuş

gözden geçirmek

seret göz

  • Ol oýnaýan çaglary we olara guwanç bilen garaýan ata. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gün geçirmek

seret gün

  • Bular şeýle garyplyk bilen gün geçirýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)