geçirilmek işlik

  1. Bir zadyň üstünden ýa içinden ötürilmek, geçirip goýberilmek.

    • Aňyrdan gelen baýarlar sala oturdulyp geçirilmeli boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Amala aşyrylmak, ýerine ýetirilmek, berjaý edilmek, geçirip gutarylmak.

    • Tejribe geçirilmek.

  3. Alnyp barylmak.

  4. Kabul edilmek, alynmak.

    • Işe geçirilmek.

  5. Başga işe, ýere bellenmek, orny, derejesi üýtgedilmek.

    • Klasdan klasa geçirilmek.

  6. Tejribe edilmek, öwrenilmek.

    • İki gezek tejribe geçirildi.