gazyk

Ýere, diwara we ş. m. ýerlere kakylýan, ujy çiş agaç ýa-da demir.

  • Ol gazygyň daşyna aýlanyp duran atyna seretdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gazyk - gazygy.

gazygynda garrasyn

seret garramak

gazyk bolmak

Bir ýerde gozganman, gymyldaman durmak.


Duş gelýän formalary
  • gazyga
  • gazygy
  • gazygy-da
  • gazygymdan
  • gazygymyzda
  • gazygymyzyň
  • gazygyn
  • gazygyna
  • gazygynda
  • gazygyndan
  • gazygyny
  • gazygynyň
  • gazygyň
  • gazykda
  • gazykdan
  • gazyklar
  • gazyklara
  • gazyklarda
  • gazyklardan
  • gazyklary
  • gazyklaryna
  • gazyklarynda
  • gazyklaryny
  • gazyklarynyň
  • gazyklaryň
  • gazykly
  • gazyksyz