gazanç at

Alynýan girdeji, hak, düşewünt.

  • Garyplaryň gazanjyny hojaýynlar ýygnaýardy. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Diýdi: -- Meniň sap zähmetim, gazanjym, tanka dönüp ýaga eýlesin hüjüm! (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Illeriň kelleriniň iň emelsizi talap edip, gazanç tapýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gazanç - gazanjy.