gazan at

[ga:zan]

Nahar bişirmek üçin ýasalan gap.

  • Nurjahanyň gapysynda goşa gazan atarylyp, pişme bişirilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ojagyň üstünde gara gazan atarylgy durdy. (A. Gowşudow, Köpekdagyň eteginde)

  • Gazany gazanan atar, oduny ýygan ýakar. (nakyl)

  • Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz. (nakyl)

  • Gazana ýanaşşaň, garysy ýokar, ýamana ýanaşsaň-belasy. (nakyl)

gazan gulagyny gyzdyrmak

Nahar etmek, nahar bişirmek.