gaz1

[ga:z]

Suwda ýüzüji, ýabany ýa-da eldeki, uzun boýunly guş.

  • Gury agaçlar oýunçalap, güller açýan ýaz berdi, Baglarymyza-bilbil, göllerimize gaz berdi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Gaz ýörişli salnyp barýan Aýsoltan ol aýdymy duýmaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Dünýäni sil alsa, guba gazyň döşünden. (nakyl)

  • Garganyň gaz balasy, her kişiň öz balasy. (nakyl)

gaz boýun

seret boýun

gaz2

Giňişlige endigan ýaýramaga ukyby bolan fiziki jisim.

  • Bu jaý awuly gazlaryň synag edilýän jaýymy, näme-de bolsa, bir erbet ysy bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)