gaty sypat

  1. Ýumşak bolmadyk, pugta, berk.

    • Ondan soň ony gaty ýerde ýatyryp, aýaklarynyň üstüne mündüler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer. (nakyl)

  2. Pugta, mäkäm, gaýym.

    • Güýçli, batly öňki atly galdy, emma indi başga bir atly gaty kowýar. («Görogly Eposy»)

    • Ol gaty geplemän diňe hamsygyp hümürdedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gaty adam

seret adam

gaty gitmek

Hetden aşmak, öte geçmek, hakyky derejesinden aňry gitmek.

  • Sen gyz gaty gitmegin!

gaty görmek

Birinden göwne deger ýaly söz eşidip öýkelemek.

  • Gaty görseň, gaty ýerde otur. (nakyl)