gatmak işlik

Goşmak, garmak, birikdirmek.

  • Aýyp bolan öz goşandym gatmasam. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Mäşiň içine biraz tüwi hem gataý! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gaýta, ogluny urduň, atyny basyp aldyň toýlaryna zäher gatdyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

el gatmak

Aýal maşgala erbet göwün bilen el degirmek, el garmak.

  • Agşam, seniň ogluň meniň aýal doganyma el gatypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

habar gatmak

seret habar

  • Aý, şoňa gowusy habar gatma! El gatmak-aýal maşgala erbet göwni bilen el degirmek, el garmak. Agşam, seniň ogluň meniň aýal doganyma el gatypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)