garyplyk

Garybyň hal-ýagdaýy, garyp bolup mätäçlikde ýaşamaklyk.

  • Garyplyk çaga-çaga ýanynda, aýal ýanynda, goňşy-golam ýanynda adamyň başyny aşak salýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Gyzym, sen hem garyplykdan basylyp, özüňi aldadaýmagyn! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Garyplyk öldürmez, öldürmesede güldürmez. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garyplyk - garyplygy.